SOŇKY HABARLAR
MILLI LIDERIMIZIŇ BAŞ ŞYGARY: «DÖWLET ADAM ÜÇINDIR!»
Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar. Türkmenistanlylaryň millionlarçasy ýurdumyzyň täze taryhynyň bu möhüm syýasy wakasyna gatnaşyp, geçirilen saýlawlarda milli Liderimize seslerini berdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän giň gerimli özgertmelerini goldadylar. Bu çözgütde jemgyýetimiziň bir bitewi jebisligi, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza ynamy hem-de täze üstünliklere we sepgitlere...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUMYN KONSULLYK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi, oňa gatnaşmak maksady bilen Rumyniýanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň Baş direktory Muntean Walentin Çiprianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde konsullyk hyzmatlaryny bermek prosesiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçe...
ÖZBEK BILERMENI KARTOŞKANYŇ AGROTEHNIKASYNYŇ NOWASIÝALARY BARADA GÜRRÜŇ BERDI
Aşgabatda ýurdumyzyň şertlerinde kartoşkanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde durmuşa geçirilýän bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş ýerlerini döretmek boýunça USAID sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwy oba hojalyk pudagynda köp tejribe toplan özbegistanly bilermen Durbek Halikow geçirdi. Ol gurak ýerlerde kartoşka ýetişdirmegiň döwrebap agrotehniki usullary barada gürrüň berdi. Kar...
DAŞKENTDÄKI ÇEMPIONATDA ÖKDELER ÖŇE SAÝLANÝAR
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala mynasyp boldy. Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp...
«NURLY MEÝDAN» TOWUK ETINI WE ÝUMURTGA ÖNDÜRMEGI ARTDYRÝAR
Ýurdumyzda belli guş etini we ýumurtga öndüriji «Nurly meýdan» daýhan hojalygy şu ýyl önümçilik görkezijilerini iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin telekeçiler ROSS-308 et üçin ýetişdirilýän mäkileri satyn aldylar. Bu tohum towuklar köp ýumurtga berijiligi we gije-gündiziň dowamynda semreýşi bilen tapawutlanýar. Wengriýaly öndürijilerden satyn alnan onuň birinji tapgyry – 32 müň jüýje Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky guşçulyk fermasyne gelip gowuşdy. Tohumlyk towuklary köp...
ЗАКАЗНИК ЕРАДЖИ: ЗИМНИЙ УЧЁТ ПТИЦ И …ПОЭТИКА ТУРКМЕНСКОЙ ПРИРОДЫ
С 22 по 25 января в соответствии с международными обязательствами нашей страны по изучению и сохранению водно-болотных угодий мирового значения и в рамках Проекта «Центральноазиатская инициатива по пустыням (CADI/КАДИ) – Сохранение и устойчивое использование пустынь Туркменистана» был осуществлен первый учет зимующих птиц в заказнике Ераджи Репетекского биосферного заповедника. Сразу отметим, реальность превзошла наши ожидания, основанные на результатах прежних исследований и анализе доступны...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşç...