img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtyn...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMEN SELMELEGI: MÜŇÝYLLYKLARYŇ SYRY

Köpetdagda, Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ady rowaýata öwrülen selmelek gülledi. Selmelegiň jadyly sypatlary barada dürli rowaýatlar döredilipdir. Ösümligiň köki tumar diýlip, ony edinenleriň durmuşy bagtly bolýarmyş diýen ynanç bolupdyr. Ol nusgawy edebiýatda-da ýatlanylýar. Mysal üçin, Uilýam Şekspiriň «Otello» tragediýasynda selmelek peti agzalýar. Ýaş nesliň wekilleri bolsa Joan Roulingiň Garri Poter hakda kitaplar tapgyryndan selmelek barada bilýändirler. «Dogrudanam selmelegiň jad...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMENISTAN DAŞTY GURŞAWY GORAMAK BILEN BAGLANYŞYKLY HALKARA RESMINAMALARYŇ BIRNÄÇESINE GOŞULMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR

2020-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi we onda döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bel...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi. Ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ekspo...

DOWAMY
pic
26 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegin...

DOWAMY
pic
26 Mar

RESMI HABAR

Ätiýaçlandyryş ulgamyny düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089

DOWAMY
pic
26 Mar

RESMI HABAR

Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.   http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089

DOWAMY