SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dost-doganlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna ýetip gelýän Bahar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINI WE RESMINAMA DOLANYŞYGYNY SANLYLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň e...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI “AŞGABAT” ATLY NEŞIR ÇAP EDILDI
Şu ýyl Türkmenistan hemişelik bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem dürli çäreler, forumlar, sergiler, konsertler gurnalýar. Bu çäreleriň hataryny ýurdumyzda çap edilen ýörite şekillendirilen neşirler doldurdy. Olaryň biri hem “Aşgabat” atly kitapdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrül...
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY, MALIÝE WE BANK PUDAKLARY
2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň görkezijisi 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1 – göterime, söwdada 14,2 – göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 – göterime barabar boldy. Bu görkezijiler Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ykdysady pudaklarynda alnyp barylýan möhüm işleri tassyklaýar. Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank pudaklarynda edilen işleriň netijeleri barada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşla...
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMY» ATLY NEŞIRI ÇAPDAN ÇYKARYLDY
Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giň gerim bilen belleýär. Dabaraly senäniň şanyna Türkmenistanda, edil şonuň ýaly-da ýurduň çäginden daşarda hem dürli derejedäki çäreler, forumlar, sergiler, konsertler giň gerim bilen geçirilýändir. Bu wakalaryň hataryny şekillere baý bolan ýörite neşirler hem baýlaşdyrýar we olar biziň ýurdumyzda çap edildi hem-de döwletimiziň ykdysadyýetiniň şu pudagynyň dürli ulgamlarynyň köp ýyllaryň dowamynda durmu...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ FORUMY AÇYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin hab...