SOŇKY HABARLAR
“TÜRKMENISTANYŇ BILIM, YLYM, SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT ULGAMLARY” ATLY ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIR ÇAP EDILDI
Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giň gerim bilen belleýär. Dabaraly senäniň şanyna döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçiren işlerini giňişleýin şöhlelendirýän şekillere baý bolan ýörite neşirler çap edildi. Şeýle neşirleriň biri hem “Türkmenistanyň Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary” atly neşir bolup durýandyr. Türkmenistanda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlary...
TÜRKMENISTAN MEDENIÝET ULGAMYNYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYR
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamaga we ýurtda medeniýet ulgamyny ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bu ugurda köp işleri etdi. Ol işler “Türkmenistanyň medeniýet ulgamy” atly ýörite şekillendirilen neşirde şöhlelendirilýär. Bu kitap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna hem bagyşlanan. Medeniýet ulgamy ýurduň ösüşinde uly rol oýnaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 12 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TSTB SERGISINE HEM-DE BIRLEŞMÄNIŇ AGZALARYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda bu serginiň we maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň meka...
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÄZE HALYÇYLYK KÄRHANASY GURULÝAR WE BAGÇYLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TELEKEÇILIK TASLAMASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň Gubadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasy gurulýar. «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň tabşyrygy boýunça bu taslamany Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenbetonönümleri» ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümi amala aşyrýar. Gurluşygy alnyp barylýan fabrik – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp welaýatda işe giriziljek iri önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň on üçüsiniň biridir. Kärhana...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy...
ÝEWROPA NUSGAWY AÝDYM-SAZLARY, RUS ÝARMARKASY WE TÜRKMEN DESSANY SAZLAŞYKLY ÝAŇLANDY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny mugallymlary we talyplary «Watan» kinokonsert merkezinde nusgawy aýdym-sazlar agşamyny guradylar. Konsertde russiýaly, Günbatar ýewropaly we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Birinji ýyl talyby Merjen Amanowa roýalda Sergeý Rahmaninowyň «Ýarmarka» etýud-kartinasyny çaldy. Ol ýaşlygyna garamazdan halk meýlisiniň özboluşlylygyny beýan edýän eseriň dürli öwüşginli melodiki dilini ussatlarça bermegiň hötdesinden geldi. Tom...
«SANLY ÇÖZGÜT – 2020» ATLY INNOWASION TASLAMALARYŇ BÄSLEŞIGI
Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär....