RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Mar

TÜRKMEN TELEKEÇILIGINIŇ ÖSÜŞ TAPGYRLARY

Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy bilen netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmen telekeçiliginiň gerimi giňäp, ol hil taýdan ösdi, telekeçileriň sany barha artýar. Hususy pudagyň ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň, innowasiýa ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksportyň...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Özbegistanyň TDG-niň...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ NOBATDAN DAŞARY SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýä iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijel...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMEN TARAPY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň adatdan daşary Sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen bu mejlisde Guramanyň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, Guramada agza we synçy döwletler tarapyndan Türkiýe Respublikasyndaky weýrançylykly ýer titremeleriň netijelerini tiz ýeňip geçmek, şeýle hem tebigy betbagtçy...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GRUZIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasy edarasanyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň netijeli syýasy-diplomatik hyzmatd...

DOWAMY
16 Mar

AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI BARADA MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisi geçdi. Mejlisiň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew ýolbaşç...

DOWAMY