RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Dek

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ KOMMUNISTIK PARTIÝASYNYŇ MERKEZI KOMITETINIŇ DAŞARY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde...

DOWAMY
pic
16 Dek

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammad Ahmadi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurdy bolan Eýran Yslam Respublika...

DOWAMY
pic
16 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi. BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi. Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG...

DOWAMY
pic
16 Dek

ÝURDUMYZYŇ HALYÇYLARYNA, HALYŞYNASLARYNA WE ÄHLI HALKYNA

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Mähriban halyçylar we halyşynaslar! Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza şatlykly habarlaryň ýene-de biri gelip gowuşdy. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-...

DOWAMY
pic
16 Dek

ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNDA 2019-NJY ÝYLYŇ IŇ GÜÝÇLI IŞLERINIŇ SERGISI GURALDY

Täze ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda bu döredijilik ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we golaýdaky uçurymlarynyň şu ýylky işleriniň sergisi guraldy. Oňa gatnaşan 200-e golaý nakgaş žiwopis, heýkeltaraşlyk, zergärlik sungaty işleriniň 300-e golaýyny, şeýle hem dizaýnerlik taslamalaryny hödürlediler. Ýylyň esasy sergisi... modaly lybaslaryň görkezilişi bilen açyldy. Owadan maneken gyzlardyr ýaşajyk modeller altynjy ýyl talyby Aman Myradowyň milli...

DOWAMY
pic
16 Dek

TÜRKMEN MILLI HALYÇYLYK SUNGATY ÝUNESKO-NYŇ ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI

Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara...

DOWAMY
pic
16 Dek

AHAL WELAÝATY — SANLY TEHNOLOGIÝALARY ORNAŞDYRMAGYŇ ÖŇDEBARYJYSY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyn...

DOWAMY