SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ SENAGATY WE GEOLOGIÝA IŞGÄRLERINE
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly dabara bilen bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin! Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudakl...
TÜRKMENISTANDA NEŞE SERIŞDELERINI ÝOK ETMEK ÇÄRESI GEÇIRILDI
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä hu...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa, Pakistan, Eýran, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, ownuk mallaryň göni ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 491...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ATÇYLYK TOPLUMYNA WE OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINE BARDY
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy. Milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan behişdi bedewler tebigy gözelligi hem-de ajaýyplygy, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen tapawutlanýar. Halkymyz bedewler bilen b...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känindäki guýulary burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary we enjamlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şer...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: — Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi; — Türkmenistanyň oba hojalyk...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrykl...