RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Dek

SEBITLERDE BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE DESGALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk joşguny bilen...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝA-TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi ýetip gelýän baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Berger halkara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni gatnaşyklar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine goşant goş...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.      Duşuşygyň başynda HGHK-nyň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Soňra, taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde edilen işler bar...

DOWAMY
pic
10 Dek

ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ TASSYKLANYLMAGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen Mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýada...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANDA “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2020-2024-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň...

DOWAMY
pic
10 Dek

LITWA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Egidiýus Nawikas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özle...

DOWAMY
pic
9 Dek

«KAMAZ» AWTOMOBILLERINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY TÜRKMENISTANA GELIP GOWUŞDY

Russiýanyň tanymal «KamAZ» kompaniýasynyň awtotehnikasynyň nobatdaky tapgyry paromda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. 110 awtomobiliň arasynda köp ýük göterýän ýüküni özi düşürýän awtomobiller, wahta awtomobilleri, ýangyç guýyjy, mikser-awtomobiller we tehnikanyň beýleki görnüşleri bar, olar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda işlediler. Täze awtomobiller ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň –Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak...

DOWAMY