SOŇKY HABARLAR
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ IŞLERINIŇ SERGISI GURALDY
6-njy dekabrda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Ekspozisiýa däplerdir täzeçillikler sazlaşykly utgaşýan milli nedeniýetiň dürli röwüşli tilsimlere baý stilistikasyny görkezýär. Çäräni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň bölümi bolan Sankt-Peterburgyň «Mekan» türkmen medeniýeti Jemgyýeti Sankt-Peterburgyň milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň goldam...
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ BAÝRAMÇYLYK SERGISI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi açyldy. Ekspozisiýada žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri bar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ada Gutlyýewiň ýordumly «Rowaç» halysynda ýurdumyzda «Türkmenistan- rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýylyň ilkinji güni doglan ahal-teke tohumly mele taýçanak şekillendirilipdir. Haly şeýle bir nepis dokalypdyr welin, ýordumyuň her bir bölegi sazlaşyga we žiwopis çeperligine ýugrulan. Toýmämmet Esenmämmedo...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyj...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HÖKÜMETIŇ GIŇELDILEN MEJLISINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi. Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin ha...
RESMI HABAR
?Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky» we «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň...
RESMI HABAR
Türkmenistanda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa tassyklanyldy. Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de...
RESMI HABAR
Türkmenistanda halkyň asuda durmuşyny, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynsanperwerligi we durnukly ösüşi üpjün etmek, dünýäde häzirki döwrüň wajyp halkara meselesi bolup durýan terrorçylyga garşy göreş çygrynda döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. R...