SOŇKY HABARLAR
DERTLÄ DERMAN ÇAÝLAR
Halkara maýyplar gününiň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Okuw-sagladyş toplumynda foto-bar açyldy. -Çagalar bilen çaýyň peýdasy barada gürrüňdeşligimizde biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý – hem melhem, hem ylham» kitabyna ýüzlendik, onda bu täsirli içginiň gelip çykyşy we taryhy, onuň görnüşleridir demleýiş usullary, adam bedenine täsiri barada maglumatlar jemlenendir – diýip, biziň bilen söhbetdeşlikde toplumyň direktorynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Gülnabat D...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşga...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AHHG-NYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryndaky umumy maksatlaryň amala aşyrylmagyndaky işjeň tagallalary babatynda minnetdarlyklaryny beýan etmek bilen, köpugurly özarahereketleriň derwaýys meselelerini ara alyp masla...
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekil...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KATAR DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde esaslandyrylan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp...
AŞGABATDA HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenis...
DAŞOGUZYŇ DEMIR-BETON ÖNÜMLERI ZAWODY ÖNÜMÇILIGI GIŇELDÝÄR
?Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda daşky we içki diwar panelleriň önümçiligi özleşdirildi. Munuň üçin kasseta tehnologik liniýasy oturdyldy. Zawodyň önümleri kärhananyň düzümindäki demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde oňaýly köp öýli jaýlary gurýan gurluşyk edarasyna niýetlenendir. Häzirki wagtda iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň beýleki tekiz elementleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp baryl...