RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Dek

RESMI HABAR

?Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet minist...

DOWAMY
pic
18 Dek

RESMI HABAR

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2...

DOWAMY
pic
18 Dek

ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Türkmen otagynda şu ýylyň 18-21-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) “Aşgabatdaky SPECA günleriniň” netijelerini hem-de onyň Gaznasynyň döredilmeginiň mümkinçilikerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary O.A...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Gillian Triggs bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýeti BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligini Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň ýokary derejede guralandygy, şeýle hem bu wajyp çäräniň üstünlikli geçir...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA KÖPTARAPLAÝYN GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňziniň basseýni boýunça ýörite maksatnamasynyň ösüşi boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Birleşen Miletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky häzirki wagtdaky ýagdaýy we hyzmatdaşlykdaky bar bolan tejribäni ara alyp maslahatlaşyp, iki Guramanyň arasyndaky gol çekilen resminamalary belläp geçdiler. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assa...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “DEŇIZ GIŇIŞLIKLERINI ÇÄKLENDIRMELERIŇ ATLASYNYŇ” TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, ylmy we okuw eda...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki wajyp meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň tasl...

DOWAMY