SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «VINCI» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli bellenilýän baýram bilen gutlady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu derejesiniň kabul edilen güni dünýäde halkara baýram hökmünde ykrar edildi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Holdingiň ýolbaşçysy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady, türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Erman Ylyjak soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durm...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze desgalaryň maksadyna, bezeg hem-de ekologiýa meselelerine, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge degişli...
TÜRKMENISTANDA LITWA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Egidiýus Nawikasdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi....
INDI MEDIA-TÜRKMEN HABARLAR AGENTLIGINIŇ ÖZ VR-KODY BAR
2010-njy ýylda Hytaýyň «VR Code Technology» kompaniýasy ilkinji VR-koduň nusgasy bilen tanyşdyrypdy, ol geljekde biziň öwrenişen QR-kodumyzyň ornuna geler. Ol iňlisçeden terjime edilende «Göreniňden tanalýan kod» diýmegi aňladýar. QR-kod bilen deňeşdireniňde VR-kodda ummasyz maglumat bolup, ol sergiler, haryt belgilerini ilerletmek, mahabat, syýahatçylyk, harytlary sertifikasiýalaşdyrmak, lukmançylyk, oba hojalygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ýene başga-da ençeme ugurlarda tapy...
SEBITLERDE BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE DESGALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk joşguny bilen...