RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

TÜRKMEN WEKILIÝETI NAÝROBIDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 12-14-nji noýabrynda Keniýanyň Naýrobi şäherinde reproduktiw saglyk, gender deňligi we enäniň saglygyny goramak pudagy boýunça üç günlük global sammit geçirilýär. Keniýa we Daniýa Hökümetleri BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde bu Sammitiň guramaçysy bolup çykyş etdiler.  Naýrobide geçirilýän sammite ýokary derejeli wekiller– döwlet baştutanlary, parlament wekilleri, bilermenler hem-de hökümete degişli däl guramalaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu fo...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ 40-NJY MEJLISINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.       Baş Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy. Baş Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagyn...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “DEUTSСHE BANK AG” BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti  bilen duşuşyk geçirildi.        Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Bilelikdä...

DOWAMY
pic
12 Noý

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

DOWAMY
pic
12 Noý

«MEDIA-TÜRKMEN» HABARLAR AGENTLIGI RF DIM-NIŇ ŽURNALY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝAR

?Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi. Habarlar ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow...

DOWAMY
pic
12 Noý

DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ ŞALYÇYLARY DÖWLET TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRDILER

Ýurduň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. 8 müň 100 gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr. Üstünlige ýygymyň ýokary derejede guralmagy ýardam etdi, onda ýörüte tehnikalaryň ençemesi, şol sanda ýokary öndürijilikli John Deere we Claas kombaýnlarynyň iki ýüze golaýy işledildi. Daşoguzly ekarançylar şaly ýetirşdirmekde baý tejribe topladylar. Oba hojalyk önümçiliginiň bu...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMEN KARBAMIDINIŇ EKSPORTY ARTÝAR

?Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawody himiýa önümlerini iri eksport ediji kärhanadyr. Ýylyň başyndan bäri zawodda öndürilen dökünleriň üçden iki bölegi -261 müň tonna dökün daşary ýurtlara ugradyldy. Türkmen karbamidine dünýä mineral dökünler bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Olary Bolgariýa, Türkiýe, Rumyniýa, Ispaniýa we beýleki ýurtlar satyn alýarlar. Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen, doly awtomatlaşdyrylan kärhana sebitde kybapdaşy ýokdur. Ol Daniýanyň,...

DOWAMY