SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn saparlaryň tejribesini iň ýokary we ýokary derejelerde dowam etdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň...
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabara geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçyl...
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC3) umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingi meşhur Al-Arabiya teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Han alyp bardy. Brifingde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler. Şeýle hem brifinge BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňz...
Durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalar
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady. Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri bo...
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady. Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenis...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen...