SOŇKY HABARLAR
YKDYSADYÝETIMIZIŇ SENAGATLAŞDYRYLMAGY - TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞ STRATEGIÝASY
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuk...
«TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi Senagat işgärleriniň güni mynasybetli abadançylygyň, agzybirligiň, parahat ýaşaýşyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mekany bolan ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we halkymyzyň ýaşaýyş-du...
TÜRKMEN TEATRY HALKARA TEATR FESTIWALYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...
AÝHAN HAJYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA: ŽIWOPIS SUNGATYNDA YZ GOÝAN NAKGAŞ
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli milli žiwopis mekdebiniň ägirdiniň hatyrasyna onuň iň gowy işleriniň sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň maşgala agzalary, şägirtleri, dost-ýarlary, kärdeşleri, şeýle hem Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplary geldiler. Aýhan Hajyýew žiwopis taryhyna Magtymgulynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde girdi, ol bu eserini Moskwanyň W. I. Surikow adyndaky çepe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, obasenagat toplumynda işleriň barşy, öňümizdäki baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk bilen ba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri jenap Sindzo Abe bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sö...