SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ LIDERLERI STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞ MESELELERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI AŞGABATDA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüş m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Premýer-ministr N.Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary barada pikir...
PARIŽDE TÜRKMEN MODELÝERLERINIŇ DÖREDEN LYBASLARY GÖRKEZILDI
8-nji oktýabrda ÝuNESKO-nyň Pariždäki ştyab-kwartirasynyň Kabul edişler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp, sergi we türkmen modelýerleriniň işleriniň görkezilişi guraldy. Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guran çäresine Fransiýasnyň Parlamentiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri, şeýle hem ÝuNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, Parižde ýerleşýän diplomatik wek...
«SAÝATLY-HEMRA» DESSANY ESASYNDA OPERA OÝNY GOÝULDY
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri sahna sungatynyň muşdaklaryna «Saýatly-Hemra» dessanynyň äheňinde Aman Agajykow bilen Nurygandym Hojamuhammedowyň döreden «Saýathan» operasyny peşgeş berdiler. Librettonyň awtorlary Alty Garlyýew we Atamyrat Atabaýew. Bu göwrümli eseriň premýerasynyň 2016-njy ýyylyň 26-njy iýunynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilendigini ýatlap geçýä...
SERGEÝ LAWROW: DÖWLET BAŞTUTANLARY GDA-NY BERKITMÄGE GÖNÜKDIRILEN STRATEGIK ÇÖZGÜTLERI KABUL EDERLER
Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşysy Sergeý Lawrow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edende: « Biz daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris» - diýdi. -Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren örän wajyp resminamasyny sazlaşdyrmak işini tamamladyk. Men şunda GDA döwletleriniň arasynda daşary syýasat ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşd...