SOŇKY HABARLAR
ÇÄRJEW ETRABYNDA TÄZE ÝGB IŞE GIRIZILDI
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýylyň öň ýanynda işe girizilen täze ýangyç guýujy beket ilkinji müň awtomobile hyzmat etdi. Ol Faraba barýan ýoluň ugrunda ýerleşendir we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bekedi «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebapdaky hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň hünärmenleri gurdylar. Bu ýerde ýangyç guýujy kolonkalaryň dördüsi, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat ed...
WATANÇYLYK, EDERMENLIK WE RUHUBELENTLIK MEKDEBI
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda ençeme ýyl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Gurbanow hakynda Ýazmuhammet Gurbanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 6-njy ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.Çarlyýew hakynda Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden bo...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowyň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk...
TÄZE ÝYL JAZ SAZLARY: RÖWŞEN NEPESOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR SAZ MUŞDAKLARYNA MEŞHUR AÝDYM-SAZLARY WE TÄZE SAZLARYŇ ÜÇÜSINI PEŞGEŞ ETDI
2020-nji ýylyň ilkinji ýekşenbe agşamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary jaz sazlarynyň muşdaklaryny begendirdiler. «Türkmenistan» kinokonsert merkezini hyryn-dykyn dolduryp oturan mähelle üçin Deýw Brubekiň, Lui Armstrongyň, Jorj Dýukyň, Bobbi Timmonsyň we beýlekileriň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserti alyp baryjy Tatýana Öwezmyradowa çykyşlary ... öz döreden «Jaz we blýuz sazlarynyň waspy» goşgusy bilen açdy, onda ol sa...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNISEF-IŇ WEKILLERI BILELIKDÄKI RESMINAMANYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN DUŞUŞYK GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika...