SOŇKY HABARLAR
EFIOPIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) jenap Girma Temesgen Barkessa bilen duşuşyk geçirildi. Ilçi Türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilik...
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINI WAGYZ ETMEK BABATDA WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Forumyň ma...
RESMI HABAR
?Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet minist...
RESMI HABAR
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2...
ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Türkmen otagynda şu ýylyň 18-21-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) “Aşgabatdaky SPECA günleriniň” netijelerini hem-de onyň Gaznasynyň döredilmeginiň mümkinçilikerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary O.A...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Gillian Triggs bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýeti BMG-niň Ženewadaky edarasynda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligini Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň ýokary derejede guralandygy, şeýle hem bu wajyp çäräniň üstünlikli geçir...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA KÖPTARAPLAÝYN GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňziniň basseýni boýunça ýörite maksatnamasynyň ösüşi boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Birleşen Miletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky häzirki wagtdaky ýagdaýy we hyzmatdaşlykdaky bar bolan tejribäni ara alyp maslahatlaşyp, iki Guramanyň arasyndaky gol çekilen resminamalary belläp geçdiler. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assa...