img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

NAKGAŞ, SAZANDA, TÄZELIKÇI BÄŞIM NURALA BAGYŞLANAN SERGI

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň zallarynyň birinde milli medeniýetimizde özboluşly yz galdyran üýtgeşik şahsyýet we köp ugurdan zehinli nakgaş, sazanda hem şahyr, Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nurala (1900-1965 ýý.) bagyşlanan sergi açyldy. Ýigriminji asyryň ýaşytdaşy Bäşim Nuraly öz döwrüniň – täzelikeriň we ozaldan gelýän ýörelgelerden çykylýan döwrüň nusgasydy, ol özüniň ilkinji bolup täze sungata ýol açýandygyna ýürekden ynanýardy, her bir täze işe – isle žiwopis bolsun ý...

DOWAMY
pic
18 Okt

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY BOÝUNÇA SYÝAHAT: OTLUDA GEZELENÇ

Aşgabada ýörite Orient Silk Road Express otlusy geldi. Otly Gazagystan-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan demir ýol geçelgesi boýunça gadymy döwürde we orta asyrlarda Hytaýy Orta Aziýanyň halklary bilen birleşdiren kerwen ýollarynyň ugry bilen syýahat edýän syýahatçylary getirdi. «Ýüpek ýoly--otlynyň aýnasyndan» syýahaty – halkara taslamasydyr, oňa gatnaşýan türkmen syýahatçylyk operatorlary daşary ýurtly myhmanlara ýurdumyzda ýerleşýän özboluşly taryhy-medeni we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä miras...

DOWAMY
pic
18 Okt

BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...

DOWAMY
pic
18 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYGY GEŇEŞINIŇ VII SAMMITINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...

DOWAMY
pic
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI GDA-NYŇ AŞGABAT SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bell...

DOWAMY
pic
17 Okt

GÜNDOGAR SEBITIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Şu ýyl sebitde bu azyklyk ekin 10 müň gektar ýere ekilip, ondan 47 müň tonnadan gowrak şaly ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ýurduň gündogarynda ýerli toprak-howa şertlerine ýaramly, ýokary hasyllylygy we kesellere durnuklylygy, şeýle hem datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşli şaly ekilýär. Ýygymy öz wagtynda, ýokary hilli we ýitgisiz ýygnamak üçin şaly ýygymynyň ähli tapgyrlaryny sazlaşykly alyp barmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip ta...

DOWAMY
pic
17 Okt

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewe «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň (Russia Today-telewizion ýaýlymy (RTTV)) arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

DOWAMY