SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
MANADYŇ GYMMATY ÝURDUMYZYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSMEGINI ÜPJÜN EDÝÄR
Şu gün paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan...
RESMI HABAR
?Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine: — döwlet emläginiň kärende şertnamalaryny bellenen tertipde bellige almak; — Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna...
6-7-NJI NOÝABRDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BOLAR
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigi bellenildi...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parl...
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMEN ALABAÝY» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Çärelere gatnaşmak üçi...