RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Awg

GURBANGULY HOJAGULYÝEWIŇ ZÜMERRET MANZARLARY

Çeperçilik sungaty muzeýinde Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy, şu günler 65 ýaş toýuny belleýän Gurbanguly Hojagulyýewiň işleriniň sergisi açyldy. Ol žiwopis muşdaklarynyň gowy bilýän, ýygy-ýygydan sergilerde görkezilýän «Änew» atly suratyň awtorydyr. Nakgaş onuň ýordumynda iň gadymy ekarançylyk medeniýetiniň ojaklarynyň biri diýlip ykrar edilen topragyň geçmişini we şu gününi birleşdiripdir. Bulutlary deşip geçen Gün şöhlesine öwşün atyp ygşyldap ýatan galla meýdany dowamat dowamlylygyň nyşany...

DOWAMY
pic
23 Awg

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Geldyýewiç Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
23 Awg

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminam...

DOWAMY
pic
23 Awg

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we...

DOWAMY
pic
23 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Ulgamlaýyn infrastruktura we suw işewürligi ulgamyndaky halkara taslamalarynyň ösdürilmegi boýunça bölüminiň başlygy jenap Ýasuhiro Kasaý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda...

DOWAMY
pic
22 Awg

ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGARYNDAKY GARABEKEWÜL ŞÄHERINDE MEDENIÝET MERKEZI ULANYLYŞA TAÝÝARLANYLÝAR

Medeniýet merkeziniň binasy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň binagärlik toplumynyň görküne görk goşdy. Binany welaýat häkimliginiň tabşyrygy boýunça «Kämil ýol» hususy kärhanasynyň gurlyşykçylary gurdular.  Onuň iki gatly binasynda häzirki zaman dizaýnerlik çözgütleri we milli bninagärlik ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar, milli baýramlar we şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilikli ösüşi üçin ähli şer...

DOWAMY
pic
22 Awg

KÄRIZLER: SUWY AÝAWLY SAKLAMAGYŇ ÝÖRELGELERI

Dag eteginiň baýyrlaryndan bakanyňda ýer üstündäki uzyn oýlara gözüň düşýär. Olar dag içindäki jülgelerden gözbaş alyp, gül-pürçük baglara barýar. Bular dag çeşmelerinden jülgä suw alynýan gadymy suwaryş desgasy bolan kärizler ulgamydyr. Şeýle usul bilen suw toplap, ony şäherlere we irrigasiýa kanallaryna bermek gadym döwürlerde Orta Aziýanyň hem-de Kawkazyň daglyk we dag etek sebilterinde giňden ýaýrapdyr. Gurak howa şertlerinde ýerli ilat üçin olaryň belli bahasy bolmandyr.  Merkezi Köpetda...

DOWAMY