img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINE WE PAÝTAGTYMYZA GÖZEGÇILIK EDÝÄN WEZIPELI ADAMLARY BELLEDI

?Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ça...

DOWAMY
pic
5 Okt

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýa...

DOWAMY
pic
5 Okt

FOTOREPORTAŽ: DÖWLET MUZEÝINDE HATYRA GÜNÜNE BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň 71 ýyllgyna bagyşlanan sergi açyldy. Tematiki sergi dört bölüme bölünipdir. Ilki bilen bu ýere gelenler hökümet binasy, oňaýly köçejikler, gadymy jaýlar, seýilgähler... ýaly şäheriň uruşdan ozalky binalary we durmuşy bilen ak-gara fotosuratlar arkaly tanyşýarlar. Elhenç apadyň ýetiren zeleliniň fotosuratlary ýüregiňi elendirýär... Üýtgeşik özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije bolan pajygal...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY HATYRA GÜNÜNE DÜŞÝÄN DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA

Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

DOWAMY
pic
4 Okt

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda çykaran karary tassyklanyldy.   * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew başga işe geçmegi sebäpli, se...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY POLISIÝANYŇ POLKOWNIGI M.B.ÇAKYÝEWE POLISIÝANYŇ GENERAL-MAÝORY ÝÖRITE ADYNY DAKMAK HAKYNDA

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin: Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe polisiýanyň general-maýory ýörite adyny dakmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

DOWAMY