img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Sen

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXII MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy, şeýle hem bu milli baýrama bagyşlanan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk güni döwletimiziň berkararlygyny we kuwwatlylygyny, jebisligimizi hem-de agzybirligimizi alamatlandyrýan, ýokary watansöýüjilik ruhuny döredýän milli baýramd...

DOWAMY
pic
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNIŇ 28 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGISINE GATNAŞYJYLARA

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz ildeşler! Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýram edilýän güni mynasybetli geçirilýän bu sergide dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän eziz Watanymyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanan uly üstünlikleri giňden...

DOWAMY
pic
22 Sen

ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA ÝYLADYŞHANALARYŇ SANY ARTÝAR

Daşoguz welaýatynda döwlete, şeýle hem hususy pudaga degişli ýyladyşhanalaryň sany barha artýar. Olarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli önümlere içerki bazarlarda we daşary ýurtlarda isleg uly. Telekeçilik başlangyçlarynyň toplumlaýyn goldanylmagy netijesinde sebitiň telekeçilik bileleşikleri gök-miwe önümlerini öndürmäge has yhlasly ýapyşýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek we olary eksporta gönükdirmek döwlet maksat...

DOWAMY
pic
22 Sen

NURKEREM: SUWDAN REJELI PEÝDALANMAGA TELEKEÇIL ÇEMELEŞME

Suwdan peýdalanmak ulgamynda işleýän ýurdumyzda ýeke-täk telekeçilik düzümi bolan «Nurkerem» hususy kärhanasy suw ýygnamaga we suwaryşyň döwrebap tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýän howdanlaryň gurluşygyny özleşdirdi. Senagatçylar we telekeçiler birlşemesiniň agzalary bolan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň tabşyrygy boýunça «Nurkerem» hususy kärhanasynyň hünärmenleri umumy möçberi 500 müň kubmetr suw saklaýan emeli kölleriň 20-ä golaýyny gurdylar. Ol ýa-da beýleki oba ho...

DOWAMY
pic
22 Sen

GUMDA HEM DARAGTLAR GÖGERÝÄR: GARAGUMDAKY MIWELI BAGLAR

Geçen ýyl fermer Durdymyrat Ýazhanow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Garagun derýasynyň ýakasyndan 6,5 gektar ýeri gysga wagtlyk kärendesine aldy. Bu ýeriň çägesöw topragynda guma mahsus sazakdyr çerkez gögerýär. Bir ýarym ýylyň içinde kärendeçi iki müň düýbe golaý şetdaly, alma, garaly we ülje nahallaryny ekdi. Ol baglaryň hatararasynda kartoşka, badamjan, bolgar burçyny, mekgejöwen ýetişdirdi. Durdymyrat boş ýatan ýerlere ýa-da gum eňňidine bakja ekinlerini ekdi. Kartoşkadan ozal kösük...

DOWAMY
pic
22 Sen

ILGI OMEGA KYSYMLY ÝER TEKIZLEÝJI LAZER ENJAMLARYŇ ILKINJI TAPGYRY GELIP GOWUŞDY

Ozal ýer tekizlemek üçin adaty skreperler, buldozerler we ýer tekizleýji enjamlar ulanylan bolsa, indi bu işi aňryçäk takyklykda lazer enjamlary ýerine ýetrirýär. Olaryň biri Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde görkezilipdi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň wekilleri onuň artykmaçlyklaryna baha berip, önüm öndürijä olaryň 40-syny almaga tabşyryk berdiler. Onuň düzüminde zarýadly batareýalarda işleýän ykjam...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN BARLAGHANASY BSGG-NIŇ ÄHLUMUMY ULGAMYNA GIRIZILDI

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlaghanasyna (Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi) dümew keseli boýunça Milli merkez derejesiniň we şol bir wagtda dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň agzasy derejesiniň berlendigi hakynda hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent derejeleriniň nobatdaky s...

DOWAMY