SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Aze...
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden...
«TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologi...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soltangeldi Berdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/1-nji karary tassyklanyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merke...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
N.ANDALYP ADYNDAKY SAZLY-DRAMA TEATRDA ÇINGIZ AÝTMATOWYŇ POWESTI BOÝUNÇA OÝUN GOÝULÝAR
Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary ajaýyp gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ene meýdany» powestini sahnalaşdyrýar. Oýnuň režisýory Guwanç Baýmedow. Onda başyna uruş ýyllarynyň külpeti düşen, söwer ýaryny we ogullaryny aldyran gyrgyz zenany Tolgonaýyň keç ykbaly barada gürrüň edilýär... Aýtmatowyň döredijiligine mahsus epiki äheňde goýlan sahna eseri watanperwerlik we ene söýgüsi, sarsmaz ruh we gujur-gaýrat, maşgala gymmatlyklary barada. Ba...