SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BANK ULGAMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumla...
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK SPECA GÜNLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY ÜÇIN ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ IÇLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşinde we Ykdysady forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPECA-nyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Içleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady kom...
ДЖЕМАЛ САПАРОВА: ПУЛЬСАЦИЯ ТАЛАНТА
?В день моего рождения поступил телефонный звонок из Кабинета Министров. Меня поздравили с 60-летним юбилеем и передали поздравление от имени главы государства, а также сообщили о намеченном на вечер чествовании. Приятное известие застало меня врасплох. Как успеть, ведь я выступаю не одна, а с ансамблем, где 20 музыкантов и 60 танцоров?!» - так народная артистка Туркменистана Джемал Сапарова, с улыбкой, вспоминает юбилейный вечер, который состоялся на днях в Туркменском национальном музыкально-д...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, taryhy ähmiýetli şanly seneleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk, şeýle hem şäher gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş m...
SANLAŞDYRMAK HEREKETDE: TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE EKERANÇYLYK
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagta bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça möhüm ugurlaryň ählisinde uly işler alnyp barylýar. Çünki, köp derejelilik hem-de giň gerimlilik sanlaşdyrmak işlerini...
TÜRKMEN TELEKEÇILERINIŇ ÖNDÜRÝÄN GAZ-BETON KERPIÇLERINE GOŇŞY ÝURTLARDA HEM ISLEG BILDIRILÝÄR
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin 7 müň kubmetrden gowrak gaz-beton blok kerpiji Özbegistana ugratdy. Bu gurluşyk materialy Tashkent City binalaryny, Buharada, Samarkantda we dostlukly döwletiň beýleki şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga niýetlenendir. Gazagystanyň Aktau şäheriniň gurluşykçylary-da gaz-beton bloklaryň uly tapgyryna tabşyryk berdiler. Ýakyn aýlarda ýene-de 9 müň kubmetr...