SOŇKY HABARLAR
GURLUŞYK REŇKLERINI ÖNDÜRÝÄN “MERJEN AÝ” HUSUSY KÄRHANASY ÇYKARÝAN ÖNÜMLERINIŇ GÖRNÜŞINI ARTDYRÝAR
Şu ýyl “Merjen aý” hususy kärhanasynda bezeg işleri üçin 2 müň tonna golaý suw emulsiýaly reňk çykarmak göz öňünde tutulýar. Telekeçi Ýakup Işanow sekiz ýyl mundan ozal ýurtda ilkinjileriň biri bolup islegli gurluşyk serişdesini öndürip başlady. Häzirki wagtda ol bazaryň şu böleginde esasy kompaniýalaryň biridir. Kärhanada ilkibada jaýlaryň içiniň bezeg işleri üçin reňk öndürmek, soňra bolsa binalaryň daşy, diwarlaryň we potoloklaryň tekstura bezegleri üçin akril hem-de silikon reňkleri çykar...
TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA DÜRLI UGURLARDA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin wekiliýetine türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ulag-tehnologiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki dostlukl...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler. ...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...
WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY
Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...
DAŞOGUZLY HALYÇYLAR GADYMY GÖLLERIŇ ESASYNDA OWADAN HALYLARY DOKAÝARLAR
Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsazdaky şahamçasynyň halyçylary “Togrul göli” ady bilen tanalýan täzeden dikeldilen “Gumly gölüni” täze haly dokalanda ulandylar. Gadymy göllere meňzedilip dokalan halynyň sary-mele reňk öwüşginleri agdyklyk edip, olar güneşli ülkämiziň özboluşly gözelligini, ýaz aýlary dürli güllere bürelýän uç-gyraksyz Garagum çölüni ýada salýar. Gadymy gölüň çyzgysyny şahamçanyň işgäri Gülistan Gurbanbaýewa dikeltdi. Mundan öňem çeper elli halyçynyň ýolbaşçyl...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak we ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti...