SOŇKY HABARLAR
«BOGEMA RAPSODIÝASY»: NUSGAWY ROK SAZLARYNYŇ ÖZBOLUŞLY BEÝANY
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri heniz ýaş topar bolsa-da, ol eýýäm saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanmagy başardy. Täzeçillige we özboluşly tejribelere höwes orkestriň aýdymçy – sazandalaryna «Bogema rapsodiýasy» konsertinde meşhur rok-kompozisiýýalaryny özüçe beýan etmäge mümkinçilik berdi. - Döredijiligmizde biz saz žanrlary barada öňden gelýän ýörelgeleriň çäginden çykyp, orkestriň agzalarynyň dürli ugurlarda işläp bilýändiklerini we ussatlygyny görkezmekçi...
ÝAŞ TÜRKMEN BOKSÇYLARY AZIÝA ÇEMPIONATYNDA BÜRÜNÇ MEDALLARYŇ IKISINE MYNASYP BOLDULAR
Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda Kuweýtde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşýar. Wekilçilikli ýaryşa dünýä döwletleriniň 21-sinden türgenleriň 150-si geldi. Şu güne çenli türkmen türgenleri 35 kg we 70 kilogramdan agyr agramlarda medallaryň ikisine mynasyp boldular. Daşoguz şäherinden 8-nji synp okuwçysy Daniýar Rozmetow we paýtagtymyzdan sekizinji synp okuwçysy Bogdan Konstantinow bürünç medal eýelediler. Türkm...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE BINALARYŇ HEM-DE AWAZA ŞYPAHANA ZOLAGYNY ÖSDÜRMEGIŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup durýar. «Çalyk Ho...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen özara bäh...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzl...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Baýjanow Baýjan Toýmyradowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy; 1-nji derejeli ýurist Batyr Dädebaýewiç Aşyrkulyýew Lebap welaýatynyň...