SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TÜRGENLERI BÜTINDÜNÝÄ UNIWERSIADA GATNAŞMAGA TAÝÝAR
Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Biziň türgenlerimize ýerli howa şertlerine öwrenişmek hem-de jemleýji türgenleşikleri mynasyp derejede geçirmek wezipesi garaşýar, sebäbi, dzýudoçylaryň arasynda ilkinji...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedewe Irkutsk oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurd...
HYTAÝDA “GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ GÖRKEZME ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunyn dademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd” kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...
JAZ SAZLARYNYŇ ILÇILERIRNIŇ TÜRKMENISTANDAKY ÇYKYŞLARY TAMAMLANDY
ABŞ-dan Ari Rolandyň ýolbaşçylygyndaky jaz dörtlügi Aşgabatda, Nebit-gaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezindäki konserti bilen ýurdumyzdaky çykyşlaryny jemledi. Tanymal sazandalar, şeýle hem Maryda we Türkmenabatda konsert berdiler. Ari Rolandyň dörtlügine ýöne ýerden jaz sazlarynyň ilçileri diýilmeýär – olar medeni gatnaşyklar maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar we dünýäniň dürli künjeklerinde diňleýjileri öz sungaty bilen tanyşdyrýarlar. Indi olar bilen tanşalyň. Dörtlügiň ýolbaşçysy –...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE GURLUŞYKLARYNDAKY IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, dürli maksatly desgala...