img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «RÖNESANS HOLDING» TÜRK KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol iri senagat desgasynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenis...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy dünýäde ilkinji gezek gazy gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän täze toplumyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk okgunly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň öz ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly h...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tatsuýa Watanabeni kabul etdi. Ýurdumyza Tokiodan türkmen howa ýollarynyň ilkinji göni gatnawy bilen paýtagtymyza gelen myhman döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, ilki bilen, bu howa ýolunyň açylmagy üçin hoşallyk bildirdi. Bu howa gatnawlary iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANDA DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlar üç...

DOWAMY
pic
27 Iýun

MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019: DABARALY JEMLEME

Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Medeniýet hepdeliginiň hut şu senelere bagyşlanmagynda çuňňur many bar. Magtymguly etrabynyň çäklerinde geçirilen Medeniýet hepdeligi sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen baý medeni mirasynyň bozulmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şu günki b...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ GALLAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI

27-nji iýunda edermen türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watan harmanyna guşgursak azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler. Ozal habar berlişi ýaly, 25-nji iýunda ýurdumyzda ilkinjiler bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar döwlet harmanyna dänäniň 450 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şol gün...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: GÖNI HOWA GATNAWY

Şu gün türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny üstünlikli amala aşyran «Boing 777-200LR» ýolagçy uçary gondy. Şeýlelikde, türkmen howa ýollarynyň gatnawlarynyň üsti Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň paýtagty bilen baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur bilen ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryn...

DOWAMY