SOŇKY HABARLAR
BAKU ŞÄHERINDE “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GEÇIRILJEK BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY BARADA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklarý seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bi...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. ...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.Aşirow hakynda Allaberdy Aşirowy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Bilim ministrligine institut bilen b...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.A.Kuliýew hakynda Nurnepes Annaýewiç Kuliýewi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine: — institut bilen bilelikde Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak; — Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünär ugurlary boýunça...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTYNY DÖRETMEK HAKYNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmeli. 2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň g...