SOŇKY HABARLAR
SINGAPUR RESPUBLIKASYNDA TÜRKMEN-SINGAPUR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Singapur tarapyndan geňeşmelere Singapuryň Daşary işler ministriniň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça orunbasary Ng Tek Hean ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň t...
TÜRKMEN LIDERI ÝURDUMYZYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE WE HALKARA FORUMYNA GATNAŞYJYLARA GUTLAG IBERDI
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy...
TÜRKMEN ÝÜPEKÇILERINIŇ ZÄHMET ÝEŇŞI
Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda hasabat berildi. Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary B.Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türki geňeşiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler, bu bolsa tutuş sebitde ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Gepleşikleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ 108-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ženewada Milletler Köşgünde Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisi öz işine başlady. Plenar mejlisinde HZG-nyň agza ýurtlarynyň 40-dan gowrak döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň çykyş etmeklerine garaşylýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eder, Türkmenistanyň HZG-daky agzalygynyň geçen 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygy ösdürmek we on...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak, adamlaryň...