SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça şu ýylyň...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
BRÝUSSEL ŞÄHERINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energeti...
TÜRKMENISTANDA GALLA ORAGYNA GIRIŞILDI
Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä,...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe aln...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE GUTLAG HATYNY IBERDI
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen...
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...