img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Maý

AŞGABATLYLAR «ZAMFIRESCU» RUMYN ÜÇLÜGINIŇ WE AÝDYMÇY ADRIAN NUARYŇ DÖREDIJILIGI BILEN TANYŞDYLAR

Magtymguly adyndaky Sazly drama teatrynda «Zamfirescu» rumyn maşgala üçlüginiň we aýdymçy Adrian Nuaryň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki çykyşlary boldy. Konserti Rumyniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar. Türkmenistanly aýdym-saz muşdaklary rumyn artistleriniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, döredijiliginde folklor, nusgawy ýewropa eserleri, flamenko ýaly dürli ugurlaryň täsirleri duýulýan Zamfireskularyň maşgala üçlügi diňe bir öz ilinde...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMEN YLMYNYŇ ÄGIRDI, ÇÖLLERI ÖWRENIJI TANYMAL ALYM AGAJAN BABAÝEW 90 ÝAŞADY

10-njy maýda geomorfolog we çölleriň tipologiýasy babatda ussat hünärmen, akademik, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor Agajan Geldiýewiç Babaýewiň 90 ýaşy doldy, ol ömrüniň 70 ýylyny ylmy we mugallymçylyk işine bagş etdi. Agajan Geldiýewiç Maryda dünýä indi, 1953-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tebigy ylymlar-geografiýa fakulteini we aspiranturasyny tamamlady, soňra bu ýerde 10 ýyllap sapak berdi. Şu döwürde fiziki geografiýanyň, geomorfologiýanyň we geoeko...

DOWAMY
pic
11 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, T...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ TOPARY PEKINDE FUTBOL BOÝUNÇA DIPLOMATLARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN ÝARYŞYŇ ÝEŇIJISI BOLDY

Pekiniň Sprot institutynyň sport toplumynda futbol boýunça diplomatlaryň arasynda 23-nji ýaryş geçirildi. HHR-yň bedenterbiýe we sport işleri baradaky Baş döwlet müdirliginiň gurnan ýaryşyna jemi 18 topar -- Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, GAR-yň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Polşanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Çehiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-nyň we ŞHG-nyň toparlary ga...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGY MYNASYBETLI PRESS-RELIZ

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy. Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki a...

DOWAMY
pic
10 Maý

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Hudaýberdiýew Akmyrat Rozydurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

DOWAMY