img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW AHAL WELAÝATYNYŇ DOLANDYRYŞ MERKEZINIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler. Bu waka milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, m...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTAN KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAKDA GÜÝÇLI HEM-DE YZYGIDERLI ÖŇDELIGI ÜÇIN BSGG-NIŇ ÝOKARY BAHASYNA MYNASYP BOLDY

Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady. Ýurdumyzyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan maslahata daşary ýurt hünärmenleri, ýokary derejeli bilermenler, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlaryndan lukmançylyk hem-de ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda...

DOWAMY
pic
10 Apr

AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY

2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...

DOWAMY
pic
9 Apr

RESMI HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany  Ş.H.Hudaýkulyýew hakynda  Şöhrat Hemrakulyýewiç Hudaýkulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.  Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow.  Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy apreli.   * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany  J.A.Maşaripow hakynda  Jumanazar Allanazarowiç Maşaripowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap wela...

DOWAMY
pic
9 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, häkim häzirki wagtda paýtagtymyz...

DOWAMY
pic
9 Apr

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ «ÝOKANÇ DÄL KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE OLARYŇ GARŞYSYNA GÖREŞMEK» ATLY ÝOKARY DEREJELI HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli k...

DOWAMY
pic
9 Apr

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ MASLAHATY

Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan maslahat Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekillerini we bilermenlerini, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda saglygy goraýyş eda...

DOWAMY