SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTANDAKY ILÇIHANASY SPORT ÇÄRELERINI GEÇIRDI
Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy futbol, stol üstünde oýnalýan tennis we uly tennis boýunça ýaryş geçirdi. Oňa talyplar, şol sanda biziň ýurdumyzdan Almatynyň ýokary okuw mekdeplerinde: Gazagystanyň Abaý adyndaky mugallymçylyk milli uniwersitetinde, şeýle hem GDYSI-da, tehnologiýa, Halk hojalygy, Süleýman Demirel adyndaky we beýleki uniwersitetlerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşikler ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy...
TANYMAL PIANINOÇY AMANGÜL GYLYÇMYRADOWA AŞGABATDA ÇYKYŞ ETDI
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň Uly zalynda tanymal pianinoçy, halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Amangül Gylyçmyradowanyň çykyşy şowly geçdi. Bir wagtlar Amangül şu okuw mekdebinde fortepiano çalmagyň esaslaryny öwrenipdi, soňra Türkmen milli konserwatoriýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlap, okuwyny Germaniýada – Mýunheniň ýokary saz mekdebinde dowam etmegi ýüregine düwdi. Ýewropada we Amerikada onuň zehinine sarpa goýup, el çarpdylar. Rep...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞKENTDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASY KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA KUBOK UGRUNDA ÝARYŞ GURADY
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň (DYDU) goldamagynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Ol ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy we 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Ýaryşa Ilçihananyň işgärleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem DYDU-nyň rektoratynyň wekilleri, mugallymlary we talyplar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ATŞYNASLARYNA, BEDEW JANKÖÝERLERINE WE MÄHRIBAN HALKYMA
Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin, çäksiz minnetdarlyk bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ AT ÝARYŞLARY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalyk atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Ben Raşid Ben Isa Al-Halifany kabul etdi. Myhman Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Duşuşmaga wagt tapandygy hem-de atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANYNYŇ TEBIGATY GORAMAK, SUW WE OBA HOJALYK MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, şu günler bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer şazada Muhammed Ben Sal...