SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk e...
Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş müdiriniň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ad...
Türkmenistanyň DIM-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Başlygy Pedro Wargas Dawidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «Euronews»-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler. Hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow özüne w...
Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi. Konstruktiw ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy g...
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda duşuşuyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iş sapary bilen Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynda iş sapary bilen boldy. 24-nji fewralda D.Gulmanowa bilen Türk-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Haluk Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar....