SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwl...
ASTRAHANDA TÜRKMEN TALYP GYZLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (ADLU) sport toplumynda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi, oňa ADLU-da golaýda döredilen Russiýanyň bu sebitiniň şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen zenanlaryndan düzülen “Aýhan” topary gatnaşdy. Ýaryş Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň (Russiýa Federasiýasy) başlangyjy bilen we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlanylyp geçiril...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ BÖLÜMINIŇ PREZIDENTINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň prezidenti Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Aşgabada geldi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi ahalteke atlarynyň deňsiz-taýsyz gözelligini we ajaýyplygyny şöhratla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «SATTEL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristof Reýzeni kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň dünýä medeniýetine çäksiz goşandy bolan şöhratly ahalteke bedewleriniň hormatyna paýtagtymyzda geçirilýän dabaralaryň örän uly gerimine ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, häzir bütin dünýäde a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA WELOSIPEDÇILER BIRLEŞIGINIŇ HEM-DE «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhmanlar ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar hem-de bu baýrama bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bild...
TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...