SOŇKY HABARLAR
AZIÝA ÇEMPIONATYNDA BOKSÇYMYZ BÜRÜNÇ MEDALY ALDY
Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edýän, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky «Olimp» orta sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 3-nji orny...
“TÜRKMENTURBA” AGPJ ÖSÜŞ ÝOLUNDA
“Türkmenturba” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýyl diametri 20 millimetrden 500 millimetre çenli polietilen we polipropilen turbalaryň birnäçe müň tonnasyny çykardy. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem polietileniň birnäçe görnüşi, şol sanda ýokary basyşlara çydamly turbalary öndürmekde ulanylýan has dykyz polietilen çykarylýan Gyýanlydaky sebitde iri gazhimiýasy kärhanasyndan getirilýär. Polietilen, polipropilen we aýansüýümli tu...
TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR
Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler. Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan...
TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BRITAN SÖWDA-SENAGAT GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar...
TÜRKMENISTANYŇ ANKARADAKY DIPLOMATIK WEKILHANASY BSG-NYŇ TÜRKIÝEDÄKI MERKEZINIŇ WEKILLERI BILEN FUTBOL BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasy BSG-nyň Türkiýedäki merkeziniň topary bilen futbol boýunça duşuşyk geçirdi. Ýoldaşlyk duşuşygy her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy, şeýle hem 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda diplomatik wekilhananyň işgärleri we Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary çykyş etdiler. Oýun başlamazdan ozal g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY BOÝUNÇA LEKSIÝALAR
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin leksiýalar geçirildi. Leksiýalar Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň wekilleri...