SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär. Irden işewür Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde oturdylan, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi. Birnäçe wagtdan soň bu ýere hormatly Prezidentimiz geldi. Döwlet Baştutanymyz we myhm...
WENADA TÜRKMENISTANYŇ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanydyryş dabarasyny we tegelek stoly geçirdi. Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda, W...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr et...
BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi. Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Forumyň a...
TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri...
MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA SEBITINIŇ ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATLY TOPARYNYŇ (RECA) MASLAHATY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) 15-nji maslahaty öz işine başlady. Bu iki günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň ýardam bermeginde gurnaldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaý...
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ HUSUSY ÝYLADYŞHANA HOJALYKLARY ÖNÜMLERIŇ EKSPORTUNY ARTDYRÝARLAR
“Zemin açary” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynyň işgärleri Daşoguz welaýatynda önümiň eksportuny ýola goýan şahsy düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa witaminlik önümiň ilkinji tapgyry Russiýa we Gyrgyzystana ugradyldy. Daşary ýurtly alyjylar 100 tonna ýokary hilli pomidor aldylar. Döwlet tarapyndan Akdepe etrabynda uzak möhletleýin eýeçilige berlen üç gektar ýerde ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy sypatlary bolan we uzak...