SOŇKY HABARLAR
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türk...
Türkmenistanyň DIM-nde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy. Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylm...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-aly...
Kuweýt Döwletiniň Ilçisi DIM-ne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Bader Abdullah Almunaýehiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. B.Mätiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady....
Zimbabwe Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Braýt Kupembanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-zimbabwe gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Hal...
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy. Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016-2020 we 2020-2024-nji ýyllar. Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika...