SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umma...
Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylara
Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşýan mähriban çagalar! Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn! Doganlyk Azerbaýjan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen mähriban çagalar, eziz myhmanlar...
Pygy Baýramdurdyýew: sylaga “Galkynyş” toparyny ussatlygyna berlen ýokary baha diýip düşünýärin
Ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş režissýory, şöhrat gazanan “Türkmen jigitleri” toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordenine mynasyp boldy. -Zähmetime şeýle ýokary baha berilmegi mende tolgunma we ummasyz minnetdarlyk duýgusyny döretdi,- diýip Pygy Hojamuhammedowiç özünde galan täsiri beýan etdi. – Sylagy alanymda 30 ýyl mundan ozal durmuşymda bolan şanly wakany ýatladym: jigit bolmagy arzuwlan oba oglany bolan maňa Türkmenistanyň...
Türkmenabatly telekeçiler galyndylardan awtomobil akkumulýatorlaryny öndürýärler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzasy bolan Türkmenabatdan “Kökçi” hojalyk jemgyýetiniň akkumulýator sehinde iki ýylda awtomobil akkumulýatorlarynyň on müňe golaýy çykaryldy. Önümiň aglaba bölegi ilatdan satyn alynýan derde ýaramaýan kislotaly batareýalardan taýýarlanylýar. Kärhanada taşlandylary gaýtadan işlemek üçin işledilýän owradyjy enjamda köne-sana plastmassalar owradylýar, awtomobilleriň batareýalarynyň gurşun gözenekleri bolsa gurşun guýulýan sehde guýulýar....
Konserwatoriýanyň Uly zalynda milli we ýewropa nusgawy sazlary ýaňlandy
Aşgabatly saz muşdaklary milli konserwatoriýanyň Uly zalynda däp bolşy ýaly, türkmen we ýewropa kompozitorlarynyň iň gowy eserleriniň ýerine ýetirilijekdigini bilip, olar Halkara saz gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ozaldan däp bolşy ýaly, konsert milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan dutar sazy bilen açyldy. Osman Güjümow “Burnaşak” halk sazyny joşgunly ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa konserti Frederik Şopeniň “Skerso № 2” eseri bilen dowam etdi...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ulag-logistika maslahaty geçirilýär
?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY СASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işine başlady. Ulag-logistika maslahaty agyr we kiçi göwrümli ýük gatnatmalary ulgamynda dünýäde öňdebaryjylaryň biri “Heavy World” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) bilen bilelikde guraldy. Ýurdumyzyň ulag-ekspeditor “Ýük ulag merkezi” kompaniýasy maslahatyň baş hemaýatkäri boldy. Bu kompaniýa birmeňzeş bolmadyk ýükleri gatn...
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Sulawesi adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi we sunami zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan et...