SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlyg...
ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy Bakyt Žusupowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň sebit dialogyny berkitmekdäki, howpsuzlygy, pugta we durnukly parahatçylygy...
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Baş direktoryň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktoryň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar....
Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň çäginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Işjeň ýagdaýda geçen söhb...
«ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 27-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assamble...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili jenap Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky dialog üçin netije meýdança öwrülendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkar...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-iordan geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-iordan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ar...