SOŇKY HABARLAR
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE DESGALARYŇ GURLUŞYGY BILEN TANYŞDY WE OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINE BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Ýolugra milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Säher bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli täze desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamide isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den,...
TÜRKMENISTAN DÖWRÜŇ WEHIMLERINE WE HOWPLARYNA GARŞY AÝGYTLY GÖREŞÝÄR
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan çärä...
В МУГНИР ПРОЙДЁТ ПРЕЗЕНТАЦИЯ ОЧЕРЕДНОГО НОМЕРА ЖУРНАЛА «ГАЛКЫНЫШ»
8 декабря в рамках юбилейных мероприятий, посвящённых 10-летию Австрийско-Туркменского общества, в Международном университете гуманитарных наук и развития состоится презентация нового номера журнала «Галкыныш», издаваемого на немецком и русском языках при поддержке Посольства Туркменистана в Австрии. Очередной выпуск издания посвящён девизу «Туркменистан – сердце Великого Шёлкового пути». В номере опубликованы статьи и фотоматериалы о знаковых событиях года – выступление Президента Туркменис...
«TÜRKMENSTANDARTLARY» GULLUGY HALKARA AKKREDITASIÝASYNY TASSYKLADY
“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri bir ýyl mundan ozal berlen № -194 akkreditasyýanyň halkara attestatyny tassyklady. Türkmen laboratoriýasynyň ISO/IEC 17025 halkara ölçegine laýyklygy noýabryň ahyrynda Slowakiýanyň SNAS milli gullugynyň bilermenleriniň geçiren ilkinji inspeksiýasynyň barşynda barlandy. Temperatura parametrleriniň ölçegleriniň ählisiniň takyklygy degişli halkara derejesinde diýlip ykrar edildi. Gözegçiler platina garşylyk termome...
TÜRKMENISTAN — AWSTRIÝA: DOSTLUGYŇ WE SUNGATYŇ SIMFONIÝASY
Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeler...
OZON MERKEZI SOWADYJY ENJAMLAR WE SPLIT-ULGAMLARY BOÝUNÇA HÜNÄRMENLER ÜÇIN SEMINAR GURADY
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkeziniň guran seminary sowadyjy enjamlara hyzmat etmegiň döwrebap usullaryna we alternatiw hladagentleri ornaşdyrmaklyga bagyşlandy. Okuw-türgenleşigine sowadyjy enjamlar we howany ýelejiretmek ulgamlary boýunça hünärmenler – döwlet edaralarynyň we şahsy pudagyň, şeýle hem okuw jaýlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda 2040-njy ýyla çenli ulanylyşy doly bes edilmeli gidrohlorftoru...