SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde däp bolan netijeli gatnaşyklara ygrarlydyr. Oňa agza döwletler bilen ýurdumyzy öňden gelýän hoşniýetli we ysnyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GITDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu iş saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmaklygy we onda çykyş etmekligi göz öňünde tutulýar.
«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETI: HÄZIRKI WE GELJEKKI ÖSÜŞI» ATLY HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNESKO tarapyndan bilelikde geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz giriş sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okamak üçin Mi...
«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETI: HÄZIRKI WE GELJEKKI ÖSÜŞI» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny d...
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARYNA GUŞLARYŇ GÜÝZKI GÖÇÜŞI DÖWRÜNDE “GYZYL KITABA” GIRIZILEN GUŞLARYŇ 5 GÖRNÜŞI DÜŞLEDI
Noýabryň ahyrynda howa ýene sowandan soň Hazaryň kenaryndan derýa ördekleri, çuluklar we tersaýaklar has köp uçup geçdi. Olardan soň çümüji ördekleriň, aýratynam çalbaş ördekleriň sürüsi, diňe Soýmonow kiçi aýlagyna olaryň 22 müňden gowragy geldi. Tautylar we “Gyzyl kitaba” girizilen gyzylinjikleriň sany artdy. Ýaşylbaşlar, gylguýruklar we bizçüňkliler ozalkylardan az geldi, jünekeýler ozalkydan bäş esse az bolsa, sakarja ördekler öňkiden 25 esse, çümüji ördekler 2,5 esse köpeldi. Hazaryň De...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝANY TÄZELEMEK BABATDA IŞ ALNYP BARYLÝAR
BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG HÜBÇK), ählumumy Pariž ylalalşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň halkara borçlarynyň çäklerinde we Durnukly ösüş maksatlary jähtinden ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna gaýtadan garamk işi başlanýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgy...
КОНВЕНЦИЯ О ЗАЩИТЕ КУЛЬТУРНЫХ ЦЕННОСТЕЙ В СЛУЧАЕ ВООРУЖЁННОГО КОНФЛИКТА ИЗДАНА НА ТУРКМЕНСКОМ ЯЗЫКЕ
В Министерстве юстиции состоялась презентация изданного на туркменском языке сборника, в который вошли Конвенция о защите культурных ценностей в случае вооружённого конфликта и два Протокола к ней - 1954 и 1999 годов. В мероприятии, организованном МИД и Институтом государства, права и демократии Туркменистана, приняли участие депутаты Меджлиса, представители министерств и ведомств, слушатели Академии госслужбы при Президенте Туркменистана, эксперты Международного комитета Красного Креста, спе...