img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Dek

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny hem-de innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna 2019-njy ýylda degiş...

DOWAMY
pic
14 Dek

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.    *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY MERGENOW H.M. HAKYNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň senagat ministri wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat ministriniň orunbasary Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowyň üstüne ýüklenildi.

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY DURDYMYRADOW K.H. HAKYNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Durdymyradow Kerim Hajyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewiň üstüne ýüklenildi.

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň wajyp meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça...

DOWAMY
pic
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ ULAG GEÇELGELERI — GEOYKDYSADY GIŇIŞLIKDE HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOLY

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi. Milli Liderimiz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary de...

DOWAMY
pic
14 Dek

AŞGABATLYLAR TÜRK KERAMIKAÇYSY IBRAHIM KUŞLUNYŇ ESERLERI BIELN TANYŞÝARLARУ

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkiýeli keramikaçy-nakgaş Ibrahim Kuşlunyň işleriniň sergisi açyldy, ony Türkiýäniň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi gurnadylar. Muzeýiň zallarynyň birine farfordan we keramikadan ýasalan ýokary derjeli çeper eserler bezeg berdi. ХIII asyrdan başlap nakgaşyň watanynda giňden ýaýran nepis plaketler häli-häzire çenli myhmanhana otagynyň bezeginde ýörgünlidir. Farfordan ýasalan nagyşly ýalpakgaplar, pyýalalar, mejimeler, grafinler, küýzeler, gülda...

DOWAMY