img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Özara ynam we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meýillerini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary t...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANDA ÝÖRITELEŞDIRILEN HALKARA FORUM GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady.  Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goramak, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli d...

DOWAMY
pic
13 Noý

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen b...

DOWAMY
pic
13 Noý

«РУБЕЖ» GÖZLEG TOPARY BEÝIK WATANÇYLYK URŞYNDA WEPAT BOLAN ESGER HALYÝ KALBYÝEWIŇ GARYNDAŞLARYNY GÖZLEÝÄR

Redaksiýamyza Russiýanyň «Рубеж» gözleg toparynyň wekili Polina Nikolaýewna Smirnowadan hat geldi, toparyň agzalary ýazky gözleg işleri wagty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan iki esgeriň we bir şepagat uýasynyň süňklerini tapypdyrlar.  Medalýony boýunça olaryň ikisiniňem Türkmenistandandygy anyklandy. Gulluga Daşhowuzdan (häzirki Daşoguzdan) çagyrylan Lutfilin Mutygyň garyndaşlary tapyldy. Ýöne Halyý Kalbyýewiň maşgalasy barada hiç hili maglumat ýok.  Russiýanyň Goranmak minist...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.  Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.  Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mizemez dostluk, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.  Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli häsiýete eýe bol...

DOWAMY