SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN ŽIWOPISÇILERINIŇ ESERLERINDE HASYL BAÝRAMYNYŇ WASPY
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli tematiki sergi açyldy, onuň merkezinde Gennadiý Babikowyň türkmen halkynyň zähmetsöýerligini we myhmansöýerligini wasp edýän natýurmorty goýlupdyr. Sahawatly türkmen topragynda Gün yssysy-ýylysy siňen ter miweler – kesilip goýlan gawundyr garpyz, nar, beýi, üzüm nepisden özüne çekiji çekilip, sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Saparmämmet Meredowyň “Toprak” atly suraty çuň many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Goja daýhan janypk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-d...
EDERMEN DAÝHANLARYMYZYŇ ZÄHMETINIŇ ŞANYNA DABARALAR
Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GUTLAG HATYNY IBERDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançyly...
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli: 1. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2001-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 1, 3-nji madda; 2011 ý., № 1, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 163-nji madda; 2016 ý., № 1, 66-njy madda): 3-nji maddada: ikinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli: «Prezident...
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
I. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 102-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli: 1) preambulada, 6-njy maddanyň adynda, birinji we ikinji böleklerinde, 8-nji maddanyň 11-nji bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly; 2) 3-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: «2. Döwletiň howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň aýrylmaz bölegi bo...
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli: 1. 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 58-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2015 ý., № 1, 28-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda): preambulanyň bir...