SOŇKY HABARLAR
“AÝDYŇ GIJELER” HJ ÖNÜMIŇ TÄZE GÖRNÜŞINI ÖZLEŞDIRDI
“Aýdyň gijeler” Hojalyk jemgyýeti potolokdan asylýan ýagtylyk diodly çyralary çykaryp başlady. Täze önüm ýaşaýyş jaýlaryna we önümçilik sehlerine niýetlenendir. Birinji tapgyrda 30х30,30х40,60х60 santimetr ölçegli çyralar öndürilýär. Bu kärhana bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, elektron we elektrotehniki senagaty kemala getirmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döredilen önümçilikleriň ilkinjileriniň biridir. “Aýd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we durmuş-medeni ulgamyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny gelejekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalary...
TÜRKMENISTANDA MONGOLIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞLÄP BAŞLADY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luwsan Battulgadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşa...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ EDERMEN OBA ZÄHMETKEŞLERINE, HASYL USSATLARYNA WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar! Edermen babadaýhanlar! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan begenjiniň...
TÜRKMEN ŽIWOPISÇILERINIŇ ESERLERINDE HASYL BAÝRAMYNYŇ WASPY
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli tematiki sergi açyldy, onuň merkezinde Gennadiý Babikowyň türkmen halkynyň zähmetsöýerligini we myhmansöýerligini wasp edýän natýurmorty goýlupdyr. Sahawatly türkmen topragynda Gün yssysy-ýylysy siňen ter miweler – kesilip goýlan gawundyr garpyz, nar, beýi, üzüm nepisden özüne çekiji çekilip, sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Saparmämmet Meredowyň “Toprak” atly suraty çuň many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Goja daýhan janypk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-d...