img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE POLIMER ZAWODYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy, pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýaly nebiti we gazy gaýtadan iş...

DOWAMY
pic
17 Okt

PAGTA ÝYGYMY MÖWSÜMINIŇ DEPGINI: MARY WELAÝATY

Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynyň depgini barha güýçlenýär, «ak altynyň» müňlerçe tonnasy her gün ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýar. Ýer eýeleri yhlasly, agzybir zähmeti bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine Watanymyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerine şu ýyl abraý bilen hötde gelmek üçin ýygym möwsüminiň depginini barha ýokarlandyrýarlar.  Milli Liderimiziň ýurdu...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE AHMET ÇALYK GELJEGI ULY TASLAMALARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.  Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka bilen gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw edip, halkara bileleşiginiň okgunly ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazananlaryna ýok...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...

DOWAMY
pic
17 Okt

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GAZHIMIÝA TOPLUMYNYŇ DÖWREBAP ÖNÜMÇILIK DESGALARY BILEN TANYŞDY

Tolgundyryjy pursat gelýär — umumy el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizýär. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly P...

DOWAMY
pic
17 Okt

GARABOGAZ KARBAMIDINIŇ ILKINJI TAPGYRY DAŞARY ÝURTLY SARP EDIJILERE UGRADYLMAGA TAÝÝAR EDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.  Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bi...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTAN EKSPORTYŇ HARYTLYK DÜZÜMINI DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRÝAR

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň taýýar önümleri gaplaýan bölümine baryp gördi, şol önümleriň hatarynda, ýokary temperaturada polimere dürli goşundylaryň girizilmegi netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi bar. Kompaundirleme diýlip atlandyrylýan bu iş polimer önümleriniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny modifisirlemäge mümkinçilik berýär. Bu wajyp işi ýerine ýetirmek üçin ýörite enjamlar, şol sanda ekstruder abzaly göz öň...

DOWAMY