img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Okt

DARGANATA ETRABYNYŇ EKERANÇYLARY DÖWLET TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRENDIKLERI BARADA HASABAT BERDILER

Darganata etrabynyň ekerançylary pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar Watan harmanyna 6 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.  Lebap welaýatynyň demirgazyk etrabynyň 3,5 müň gektar pagta meýdanlarynda zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemekleri, olaryň janypkeşlikli, yhlasly zähmeti, hyjuwy, topraga bolan eýeçilikli gatnaşyklary üstünlik gazanmaklaryna g...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝA MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýa maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...

DOWAMY
pic
29 Okt

HÄZIRKIZAMAN TANSLARYNYŇ ÜSTI BILEN DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARY HAKDA

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebit-az toplumynyň paýtagtymyzdaky Medeni-işewürlik merkezinde Daşary işler ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynyň goldamagynda ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetiniň guran “Durnukly ösüşiň maksatlary: 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibiniň kabul edilmeginiň 1000 güni mynasybetli” atly tans festiwaly geçirildi.  Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, DÖM boýunça Okuw-usulýet m...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YRAK RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Barham Salihi Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.  Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Barham Salihe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

DOWAMY
pic
29 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BALKAN WELAÝATYNA UGRADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANDA HORWATIÝANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar.  Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklar, iri halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar Türkmenistanyň we Horwatiýa Res...

DOWAMY
pic
29 Okt

AHAL WELAÝATYNDA TÄZE DÖWREBAP OBALARYŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

Kaka etrabynyň “Gowşut” hem-de Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap obalaryň binýadyny tutmak dabaralary geçirildi.  Adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwr...

DOWAMY